Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Gruziýa bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 16-njy iýulda resmi sapar bilen Gruziýa bardy. Iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde belent mertebeli myhmanyň bu ýurda ilkinji gezek gelmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açýar. Bu baradaky habary «Türkmenmetbugat» beýan etdi.

Tbilisiniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny garşylamak dabarasy boldy. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyryldy we Hormat garawuly düzüldi. Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Gruziýanyň resmi adamlary hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Bu döwlet sapary iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmaga gönükdirilendir. Saparyň dowamynda ýokary derejeli ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi we özara bähbitli käbir meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.


Yza

Şeýle hem okaň