Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek barada maslahat geçirildi

Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda 17-nji iýulda «Gahryman Arkadagyň ak ýoly bilen öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen guraldy. Bu barada «Türkmenistan bu gün» döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Dünýäniň öňdebaryjy demokratik ýörelgelerine kybapdaş dabaraly maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň ýakynda bolup geçen mejlisinde öňde goýan möhüm wezipeleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy üns Halk Maslahatynyň umumymilli forumyna taýýarlyk görmekde ýerli halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet goldawyny bermäge hem-de raýatlardan gelip gowuşýan tekliplere seretmäge gönükdirildi. Çykyş edenler halkyň agzybirligini berkitmegiň we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge jemgyýeti giňden çekmegiň Halk Maslahatynyň baş maksadydygyny ýene-de bir gezek bellediler.

Şeýle hem çärede türkmen halkynyň gadymdan gelýän demokratik däplerine we asylly däp-dessurlaryna aýratyn orun berildi. Maslahatda bellenilişi ýaly, Prezidiumyň mejlisinde degişli Konstitusion kanuna laýyklykda guramaçylyk toparyny döretmek we çäräniň senesini kesgitlemek barada kabul edilen taryhy resminamalar öňde duran anyk işleri talabalaýyk alyp barmaga uly itergi berýär. Ýygnananlar halkyň bagtyýar durmuşy baradaky edýän taýsyz tagallalary üçin Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra, Lebap welaýatynyň “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky dabaralar meýdançasynda uly toý sadakasy berildi. Bu köpçülikleýin çäre Arkadag şäherinde gurlup ulanmaga berilýän 30 müň adamlyk nurana metjidiň «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylmagy hem-de ýurdumyzyň gallaçylarynyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý etmegi mynasybetli guraldy. Sadakanyň dowamynda aýat-töwirler edilip, Watanymyzyň abadançylygy we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy dileg edildi.


Yza

Şeýle hem okaň