ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Mejlisiň dowamynda 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem Türkmenistanyň (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde öňe süren başlangyçlaryny we öz üstüne alan borçnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işi mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy.

Mejlise gatnaşyjylar bilim, ylym, medeniýet, taryhy-medeni mirasy gorap saklamak hem-de Türkmenistanyň milli gymmatlyklaryny halkara derejede ilerletmek ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ÝUNESKO bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini bellediler.

Aýratyn üns Türkmenistanyň Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynda (ICESCO) synçy döwlet derejesini resmi taýdan almagy bilen baglylykda, ICESCO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine gönükdirildi. Ara alnyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde ICESCO bilen mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary we mehanizmleri gözden geçirildi.

Şeýle hem mejlisiň barşynda Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary bilen halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de öňde duran döwür üçin işiň esasy ugurlary bellenildi.


Yza

Şeýle hem okaň