Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 3-nji awgustynda Ýolöten
şäheriniň Garaşsyzlyk köçesiniň 1-nji jaýynda ýerleşýän Ýolöten
etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat
09:00-dan 11:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş
çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Ýolöten şäheriniň Garaşsyzlyk köçesiniň 1-nji jaýy;
Habarlaşmak üçin:
800560 6-28-01;