Mary welaýatynyň Mary etrabynyň zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň 51-nji jaýynda ýerleşýän Marynyň Beýik
Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgünde sagat 09:00-dan
11:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş
çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň
51-nji jaýy;
Habarlaşmak üçin:
800522 7-09-95;
800522 7-36-81;