Türkmenistanyň ilçisi we Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy gaz geçiriji ugurlary hem-de deňiz port logistikasyny maslahatlaşdylar

29-njy iýulda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamämmet Annaýew Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mihaý Daraban bilen resmi duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar energetika ulgamyna we göni port hyzmatdaşlygyna ünsi çekmek bilen, ykdysady ösüşiň esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar.

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň tebigy gazynyň Ýewropa bazaryna göni çykmagyna mümkinçilik berip biljek «AGRI» (Azerbaijan–Georgia–Romania Interconnector) hünär taslamasyny gaýtadan dikeltmäge gyzyklanma bildirdi. Mihaý Darabanyň bellemegine görä, Türkmenbaşy we Konstansa deňiz portlarynyň infrastrukturasynyň Azerbaýjanyň, Gruziýanyň logistika mümkinçilikleridir Ýewropanyň «BRUA» gaz geçirijisi bilen utgaşdyrylmagy Hazar sebitinden Ýewropa energiýa serişdelerini getirmegiň durnukly ugruny döreder.

Öz gezeginde, türkmen diplomaty Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini tanyşdyryp, ýurduň jemi içerki önüminiň durnukly ösüşini we tebigy gazyň subut edilen ätiýaçlyklary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýändigini belledi. Ilçi Konstansa portunda türkmen önümleri üçin sebit paýlaýjy merkeziniň döredilmeginiň hem-de port logistikasynyň ösdürilmeginiň iki ýurduň arasynda uzak möhletleýin söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin ygtybarly binýat boljakdygyny nygtady.


Yza

Şeýle hem okaň