Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem şäheriň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi, 2026-njy ýylyň 18-nji awgustynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Watan köçesiniň 1-nji jaýynda ýerleşýän Ak bugdaý etrap häkimliginiň edara binasynyň 1-nji gatynda ýerleşýän kiçi mejlisler zalynda sagat 10:00-dan12:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

 

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:

Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Watan köçesiniň 1-nji jaýy

 

Habarlaşmak üçin:

 

(800137-36-7-14)




Yza

Şeýle hem okaň