Şu ýylyň 23-nji sentýabrtynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Prezidiumyň mejlisinde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň mejlisini hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça Kararlar kabul edildi we degişli guramaçylyk topary döredilip, işler güýçli depginde alnyp barylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işleri Türkmenistanyň Mejlisi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we şäherleriň häkimlikleri hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde utgaşykly alnyp barylýar. Ýurtdaky parlament diplomatiýasyny we döwlet syýasatyny wagyz etmek, raýatlardan gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda uly zähmet üstünliklerini gazanan ildeşlerimizi döwlet sylaglary bilen sylaglamak boýunça degişli işler guramaçylykly dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetlik däplerine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň iň wajyp meselelerini çözmäge, ilatyň giň gatlaklaryny beýik özgerişlere çekmäge gönükdirilen ýokary edaradyr. Her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän bu taryhy maslahatda ýurdumyzyň çar künjeginden gelen wekiller bir ýere jemlenip, gazanylan üstünlikleriň jemini jemlärler we Türkmenistanyň geljekki ösüş ugurlary boýunça möhüm çözgütleri kabul ederler.