Aşgabatda tebigy goraghanalaryň döwlet gözegçileri üçin hünär kämilleşdiriş okuwy geçirildi

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň guramagynda döwlet tebigy goraghanalarynyň we welaýat müdirlikleriniň döwlet gözegçileri üçin hünär kämilleşdiriş okuwy geçirildi. Çäräniň barşynda Daşky gurşawy goramak edaralarynyň döwlet gözegçileriniň Bütindünýä güni mynasybetli ulgamyň zähmetkeşlerine mähirli gutlaglar aýdyldy. Şeýle hem ýabany pişikleri öwrenýän halkara bilermen Tanýa Rozen türkmen tebigaty goraýjylarynyň dünýäniň biodürlüligini gorap saklamakda bitirýän uly işlerine ýokary baha berdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Hünär okuwynyň dowamynda ýurdumyzyň dürli goraghanalaryndan we welaýat müdirliklerinden gelen gözegçileriň meýdan işleriniň netijeleri suratlar we wideoşekiller arkaly görkezildi. Maslahatda «Bereketli Garagum», «Gaplaňkyr», «Bathyz» we «Köpetdag» ýaly döwlet tebigy goraghanalarynyň hünärmenleri sähranyň endemik ösümliklerini berkitmek, guşlaryň sanyny aralykdan bellemek hem-de gorag çärelerini guramak boýunça toplan tejribelerini paýlaşdylar.

Döwlet gözegçileri öz gulluk borçlaryny «Tebigaty goramak hakynda» we «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň esasynda birkemsiz ýerine ýetirýärler. Olar ýylyň ähli paslynda ýabany haýwanlary we ösümlikleri gorap, Gyzyl kitaba girizilen seýrek görnüşleriň genofonduny ygtybarly saklaýarlar. Okuwyň soňunda tebigaty goramakda netijeli zähmet çeken gözegçilere höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

 


Yza

Şeýle hem okaň