Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Saud Arabystanynyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada degişli ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-saud gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny, ösüş mümkinçiliklerini hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Diplomatlar halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça hem pikir alşyp, halkara we sebit gün tertibiniň möhüm ugurlaryna garadylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we yzygiderli gepleşikleri täze sepgitlere çykarmaga bolan gyzyklanmalar öňe sürüldi.


Yza

Şeýle hem okaň