Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow 19-njy awgustda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça täze bellenen Ýörite wekili T. Işigaki bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we ýokary derejedäki saparlary guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtyň özünde, dostlukly gatnaşyklaryň ösüş depgini we hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylda Ýaponiýa amala aşyran saparynyň ähmiýeti bellenildi. Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça giňişleýin pikir alşyldy. Şunda taraplar şu ýylyň dekabrynda Tokio şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetleriniň nobatdaky mejlisini ýokary derejede taýýarlamak we guramaçylykly geçirmek meselelerine aýratyn üns berdiler.


Yza

Şeýle hem okaň