Lebap
welaýatynyň Köýtendag etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümleri 2026-njy ýylyň 21-nji awgustynda Köýtendag
etrabynyň Türkmenbaşy köçesiniň 48-nji
jaýynda ýerleşýän Köýtendag etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara
binasynda sagat
10:00-dan – 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Köýtendag etrabynyň Türkmenbaşy köçesiniň 48-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin:
(800440) 2-09-33 2-09-34.
Okamak