Bişkekde Halk Maslahatynyň orny we Türkmenistanyň halkara başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýetine, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnamasyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän nobatdaky mejlisiniň möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolup durýandygy bellenildi. Mejlisiň çäklerinde alnyp barlan işleriň we gazanylan üstünlikleriň jemleriniň jemleniljekdigi, şeýle hem ýurduň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläkki ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitleniljekdigi nygtaldy.

Tegelek stoluň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnamasynyň halkara ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bu başlangyjyň halkara hukugynyň ornuny mundan beýläk-de berkitmäge, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerine we kadalaryna hormat goýulmagyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny berkitmäge hem-de netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigi bellenildi.

Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňümizdäki mejlisiniň geçirilmeginiň we Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmeginiň öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge, şeýle hem hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigi bellenildi.


Yza

Şeýle hem okaň