Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Murgap etrabynyň Gökdepe geňeşliginiň Ýyldyzhan köçesiniň
5-nji jaýynda ýerleşýän Murgap etrap Medeniýet bölüminde sagat 09:00-dan
11:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini
geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Murgap etrabynyň Gökdepe köçesiniň
Ýyldyzhan köçesiniň 5-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin:
800565 4-51-94;
800565 4-51-95.
Okamak