Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäheriniň Gazçylar bulwary
köçesiniň 52-nji jaýynda ýerleşýän
“Marygazçykaryş” müdirliginiň Durmuş
taýdan dolandyryş edarasynyň Medeniýet köşgüniň edara
binasynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäheriniň
Gazçylar bulwary köçesiniň 52-nji jaýy;
Habarlaşmak üçin:
800559 6-58-78