Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenabat şäheriniň Magtymguly
köçesiniň 2-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş
bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat 10:00-dan–12:00-a çenli boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Türkmenabat şäheriniň Magtymguly köçesiniň 2-nji
jaýy.
Habarlaşmak üçin:
(800422) 3-17-28.