27-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Petra Dahtler bilen duşuşdy. Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ilçini ýokary wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa Türkmenistandaky diplomatik işini amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-german gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýokary derejedäki aragatnaşyklaryň esasy itergi berýändigi aýratyn bellenildi.
Duşuşykda iki ýurduň Birleşen Milletler Guramasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde, şeýle hem «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatynda netijeli hyzmatdaşlygynyň alnyp barylýandygy nygtaldy.
Diplomatlar köp ýyllaryň dowamynda dowam edip gelýän söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini bellediler. Şeýle hem bu ugurda Germaniýanyň Ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň işjeň alyp barýan işi aýratyn nygtaldy.
Taraplar medeniýet, saglygy goraýyş we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.