Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasyna täze başlangyçlar bilen barýar

Türkmenistan BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak arkaly parahatçylykly, deňeçer we inklýuziw dünýä ulgamyny döretmek baradaky daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrýar. Ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak 81-nji sessiýasyna ählumumy abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine tagallalary utgaşdyrmagyň wajyp tapgyry hökmünde garaýar we BMG-niň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlyga täze itergi berjek möhüm başlangyçlary öňe sürer. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Ulag diplomatiýasy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň prioriteti bolmagynda galýar. Ýurdumyzyň delillendirmegi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2026—2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygy» kabul edildi. Şonuň çäklerinde Türkmenistan Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmek boýunça işleri dowam etdirer. Şeýle hem nobatdaky sessiýada Hazar deňzi arkaly Günorta we Merkezi Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan sebitüsti ulag geçelgesini hem-de BMG-niň howandarlygynda Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmek teklip ediler.

Energetika we ekologiýa ugurlary boýunça hem BMG-niň çäklerinde amala aşyrylýan taslamalara uly ähmiýet berilýär. 81-nji sessiýanyň dowamynda «Hemmeler üçin durnukly energetika» atly ýokary derejeli forumy geçirmek göz öňünde tutulýar. Türkmen tarapy BMG-niň howandarlygynda Energetika kodeksini işläp taýýarlamak, wodorod energetikasyna geçmek boýunça 10 ýyllyk Ählumumy Maksatnamany döretmek hem-de «ýaşyl» energetika taslamalaryny bilelikde durmuşa geçirmek boýunça netijeli teklipleri öňe sürýär.

Ynsanperwer ugurda Zenanlaryň we ýaşlaryň jemgyýetdäki hem-de halkara parahatçylygy döretmek işindäki ornuny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy hem-de sebit ýaşlar dialogy bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň durnukly platformalaryna öwrüldi. Türkmenistan «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» hem-de «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertiplerini amala aşyrmak arkaly ýaş nesliň we zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmegi maksat edinýär.

Türkmenistanyň BMG-niň köpsanly gurluşlaryna, şol sanda Ykdysady we Durmuş geňeşine (2026—2028), Durmuş ösüşi boýunça komissiýasyna we beýleki edaralaryna işjeň agzalygy ýurdumyzyň halkara meýdançadaky abraýynyň aýdyň subutnamasydyr. Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy bellenilýän döwürde Bitarap Türkmenistan parahatçylyk, ynam we özara düşünişmek medeniýetini durnukly ösdürmäge öz anyk goşantlaryny goşmagyny dowam etdirýär.


Yza

Şeýle hem okaň