Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzy ösdürmek boýunça möhüm çözgütleri kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 28-nji awgustda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi, kanunçylygy kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygy, oba hojalygy, energetika, ulag, bilim we medeniýet ulgamlaryna degişli möhüm meselelere garaldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek, kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak we halkara resminamalaryna goşulmak boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine taýýarlyk meselelerine garaldy.

Nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda abatlaýyş işlerini geçirmek, energetika we demir ýol ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Oba hojalygynda bugdaý ekişine we pagta ýygymyna taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen, welaýatlarda bugdaý ekişine 2-nji sentýabrda, pagta ýygymyna bolsa 9-njy sentýabrda başlamak bellenildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek ykdysady üstünlikleriň sergisine we sentýabr aýyndaky baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyga aýratyn üns berildi. Sergiler, maslahatlar, döredijilik bäsleşikleriniň jemleýji tapgyrlary, konsertler we beýleki dabaralar ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler.

Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026–2027-nji okuw ýylynyň başlanmagyna taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy ýylyň şygary bilen geçiriler. Birinji synp okuwçylaryna «Bilimli» noutbuk kompýuterleri sowgat berler. Şeýle hem birnäçe täze ýokary okuw mekdebiniň, orta mekdebiň we çagalar bagynyň açylmagy meýilleşdirilýär.

Mejlisde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy geçirmek, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de halkara forumlaryň netijelerini durmuşa geçirmek boýunça milli «Ýol kartasyny» amala aşyrmak bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz mejlisi jemläp, öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhümdigini belledi hem-de ähli halky Bilimler we talyp ýaşlar güni, täze okuw ýylynyň başlanmagy hem-de ýetip gelýän baýramçylyklar bilen gutlady.


Yza

Şeýle hem okaň