Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 28-nji awgustda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwletimiziň kanunçylyk binýadyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa maglumat berdi, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti.

Häzirki döwürde milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça birnäçe möhüm ugurlarda işler dowam etdirilýär. Hususan-da, “Elektron söwda hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak, Jenaýat, Gümrük, Zähmet, Sanitariýa we Maşgala kodekslerine, şeýle-de beýleki degişli kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Şeýle-de Türkmenistanyň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan üpjün etmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek, dürli ugurlarda netijeli zähmet çekýän raýatlary döwlet sylaglaryna hödürlemek bilen bagly çäreleriň amala aşyrylýandygy aýdyldy.

Mejlisiň deputatlarynyň kanun çykaryjylyk ulgamyndaky tejribesini baýlaşdyrmak maksady bilen, olaryň Özbegistan Respublikasyna iş saparlaryny amala aşyrandyklary, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri tarapyndan ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçirilen maslahatlara we duşuşyklara gatnaşandyklary barada maglumat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň, şeýle-de ýurdumyzyň hukuk ulgamyny ösdürmek we kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.


Yza

Şeýle hem okaň