Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 28-nji awgustda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ykdysady Geňeşiniň nobatdaky mejlisini Aşgabatda geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Mejlisiň çäklerinde GDA gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle-de halkara gatnawlarda daşamalar amala aşyrylanda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleriň garalmagy göz öňünde tutulýar.
Duşuşygyň gün tertibine GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň indiki mejlisini geçirmek bilen bagly meseleler hem giriziler. Mundan başga-da, giňişleýin düzümde Döwletara standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak geňeşiniň 2023 — 2026-njy ýyllardaky işleri, şeýle-de Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň ýokary tehnologiýaly senagat pudaklary üçin zerur serişdeleri öndürmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Konsepsiýasynyň taslamasy we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara guramalar, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň ykdysady Geňeşiniň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmegi wise-premýere tabşyrdy.