Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk döwletler boýunça BMG-niň maslahatynyň netijelerini durmuşa geçirmek boýunça meýilnamany goldady

28-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Söz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowa berildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmek, ýurduň halkara başlangyçlaryny işjeň ilerletmek, şeýle hem ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge mynasyp goşant goşmak Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan alnyp barylýan daşary syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistan bilen BMG tarapyndan bilelikde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi habar berildi. Bu iri halkara forumyň Türkmenistanda geçirilmegi ýurduň Milletler Bileleşigi bilen köpýyllyk strategik hyzmatdaşlygynyň hem-de Türkmenistanyň sebit we ählumumy meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamakda eýeleýän işjeň ornunyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilen resminamalar, hususan-da, Awaza syýasy Jarnamasy hem-de 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljek onýyllykdaky durnukly ösüşini üpjün etmek, olaryň ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmek, dünýä söwda ulgamyna has işjeň goşulyşmagyny, sanly-tehnologik ösüşini höweslendirmek, şeýle hem howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin möhüm halkara binýady emele getirdi. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň netijelerini milli derejede yzygiderli amala aşyrmak hem-de Türkmenistanyň maslahaty kabul eden döwlet hökmünde onuň netijeleriniň halkara derejede ilerledilmegine goşandyny dowam etdirmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijesinde kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin orta möhletli milli “Ýol kartasynyň” taslamasy taýýarlanyldy.

“Ýol kartasynyň” taslamasy ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan 6 sany esasy ugurdaky çäreleri özünde jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Hasabaty diňläp, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen yzygiderli we ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belledi. Döwlet Baştutany ýurt bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

 


Yza

Şeýle hem okaň