Hökümetiň 28-nji awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer Taňryguly Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine, 9-njy sentýabrda bolsa pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, ekiş möwsümine taýýarlyk işleri dowam etdirilýär. Ekin meýdanlarynda sürüm, tekizlemek, geriş we çil çekmek işleri alnyp barylýar. Şeýle-de ekişde ulanyljak bugdaý ekijileri hem-de ýokary hilli tohumlyk bugdaý taýýarlanylýar. Welaýatlarda 2027-nji ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini bellenen möhletlerde we agrotehniki talaplara laýyklykda geçirmek maksady bilen, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň hem-de mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny guramak meýilleşdirilýär.
Welaýatlarda gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk güýçlendirilip, pagta arassalaýjy kärhanalar, pagta kabul ediş harmanhanalary, pagta ýygýan kombaýnlar, awtoulaglar we beýleki oba hojalyk tehnikalary möwsüme doly taýýar edilýär. Pagta hasylyny öz wagtynda ýygnap almak we ýygym möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin hem ussat daýhanlaryň, hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.