Türkmenistanyň Prezidenti Bilimler gününe bagyşlanan çäreleri guramaçylykly geçirmek barada tabşyryk berdi

28-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow Bilimler we talyp ýaşlar gününe hem-de 2026 — 2027-nji täze okuw ýylyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, dürli dabaralaryň, şol sanda Garaşsyzlyk binasynyň öňünde, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepde çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygar bilen geçiriler. Okuw sapaklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan içeri we daşary syýasaty giňişleýin beýan edilip, Garaşsyz Watanyň 35 ýylda ýeten sepgitleri, ýurduň geljegi bolan ýaş nesiller üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada täsirli söhbetler ediler. Diýaryň 1-nji synp okuwçylarynyň ählisine döwlet Baştutanynyň hem-de Gahryman Arkadagyň adyndan sowgat hökmünde “Bilimli” noutbuk kompýuterleri dabaraly ýagdaýda gowşurylar. Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň açylyş dabaralaryny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bilimler baýramynda Ahal welaýatynda 960 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, Daşoguz welaýatynda 240 orunlyk çagalar bagyny, Lebap welaýatynda 1 müň orunlyk 2 sany orta mekdebi dabaraly ýagdaýda açmak meýilleşdirilýär.

Hasabaty diňläp, döwlet Baştutanymyz Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi. Serdar Berdimuhamedow wise-premýere täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, 1-nji synpa kabul edilýän mekdep okuwçylaryna döwrebap kompýuterleri sowgat bermäge taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek boýunça bir aýlyk çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu çäreleriň esasy maksady paýtagtda, welaýatlarda ulaglaryň gatnawlaryny kadalaşdyrmakdan, pyýada ýolagçylaryň, sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hasabaty diňläp, Serdar Berdimuhamedow her ýylyň sentýabr aýynda ýurtda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň geçirilýändigini, bu çäräniň ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça nobatdaky çäräni guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.


Yza

Şeýle hem okaň