Türkmenistan we Bütindünýä Tebigaty Goramak Gaznasy 2026–2030-njy ýyllar üçin bilelikdäki meýilnamany işläp taýýarlar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Bütindünýä Tebigaty Goramak Gaznasynyň (WWF) arasynda 31-nji awgustda wideoaragatnaşyk görnüşinde daşky gurşawy goramak babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Resminama Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Öwezgeldi Goşjanow we WWF-niň Gündogar, Merkezi Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça sebit direktory Žan-Pol Paddak tarapyndan gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Bu Ähtnama biodürliligi saklamak, tebigy ekoulgamlary hem-de seýrek duş gelýän görnüşleri goramak, şeýle hem howanyň üýtgemegine durnuklylygy artdyrmak boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Resminamanyň çäklerinde 2026–2030-njy ýyllar üçin bilelikdäki taslamalaryň we çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanylar.

Kärdeşler ýabany tebigaty goramagy, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamyny kämilleşdirmegi, ön Aziýa gaplaňy, gulan, Buhara suguny, jeren, Amyderýa pilburny ýaly seýrek duş gelýän haýwanat we ösümlik dünýäsini dikeltmegi esasy ugurlar hökmünde kesgitlediler. Şeýle hem ekologik geçelgeleri ösdürmäge, ekologik bilimi ýokarlandyrmaga we ylmy bilimler hem-de tejribe alyşmaga aýratyn üns berler.

Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleri bilen serhetüsti tebigaty goraýyş gatnaşyklaryny berkitmek we bilelikdäki taslamalara zerur serişdeleri çekmek göz öňünde tutulýar. Bu resminamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň biodürliligi goramak we sebitde ekologik diplomatiýany ösdürmek urundaky halkara hyzmatdaşlygynda möhüm ädim boldy.


Yza

Şeýle hem okaň