Gaaga şäherinde 3-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Niderlandlar Patyşalygynyň Premýer-ministriniň daşary syýasat we goranmak meseleleri boýunça geňeşçisi Kristofer Ýonkeriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda türkmen-niderland gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Taraplar syýasy dialogy işjeňleşdirmegiň, ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki zaman halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşyldy. Türkmenistanyň wekiliýeti ýurduň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasy garaýyşlaryny beýan edip, halkara meselelerini çözmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň, syýasy gepleşikleriň we parahatçylykly usullaryň ähmiýetine ünsi çekdi.
Duşuşykda ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Niderland işewürleriniň Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmagyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, gämi gurluşygy, deňiz infrastrukturasyny ösdürmek, saglygy goraýyş, innowasion tehnologiýalar we metanyň zyňyndylaryny azaltmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Türkmen tarapy Niderlandlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparlaryny guramaga, şeýle hem olaryň döwlet edaralarynyň we işewür toparlaryň wekilleri bilen duşuşyklaryny geçirmekde ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.
Duşuşykda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meselelerine hem garaldy. Taraplar Limburg sebitinde geçirilýän atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň ähmiýetini bellediler. Türkmenistanyň wekiliýeti bu halkara çäräniň ýokary derejede geçirilmegi üçin döredilen şertlere minnetdarlyk bildirdi. Iki ýurduň hem atçylyk däplerine bolan gyzyklanmasynyň medeni we jemgyýetçilik gatnaşyklary has-da ösdürmäge uly mümkinçilik döredýändigi nygtaldy.