Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýaş aýdym-saz zehinlerini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilýän zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Gutlagynda döwlet Baştutany ýaş zehinleriň milli aýdym-saz sungatynyň baý däplerini dowam etdirip, öz döredijilikleri arkaly Garaşsyz Watany, hemişelik Bitaraplygy, halkyň milli gymmatlyklaryny we döwrüň ösüşlerini dabaralandyrýandyklaryny belledi. Şeýle hem bäsleşigiň ýaş nesilde sungata söýgini kemala getirmekde, zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmakda hem-de milli aýdym-saz sungatynyň dowamatlylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylmy we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmegi üçin giň şertler döredilýär. Ýurtda häzirki zaman bilim edaralary gurlup ulanmaga berilýär, milli bilim ulgamy kämilleşdirilýär hem-de halkara hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär.

Şeýle-de Prezident Bilimler we talyp ýaşlar gününde ilkinji gezek mekdebe barýan çagalara «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleriniň gowşurylmagynyň, täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň açylmagynyň bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň aýdyň beýanydygyny belledi.

Gutlagynyň ahyrynda döwlet Baştutany «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary ýene-de bir gezek gutlap, olara berk jan saglyk, uzak ömür, döredijilik üstünliklerini hem-de eziz Watanyň abraýyny has-da belende götermek ugrunda täze ýeňişleri arzuw etdi.


Yza

Şeýle hem okaň