9-njy senýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýuk Pýer Dewini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigine wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koştanyň we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Lýuk Pýer Dewini bu ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de onuň bu wezipede ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýär. Bu düzüm ýurdumyzyň wajyp halkara hyzmatdaşlarynyň biri bolup, soňky ýyllarda bu gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak, umumy bähbitlere esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýär. Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmalary işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berýär.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz söwda dolanyşygyny artdyrmak, Ýewropa ýurtlarynyň kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek, täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şeýle-de ýurdumyz energetika, ulag-logistika, senagat, oba hojalygy, sanly tehnologiýalar, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.
Söhbetdeşler ulag-aragatnaşyk ulgamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýdyp, Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykýan ugurlary we Hazarüsti ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini ösdürmegiň umumy bähbitlere laýyk gelýändigini bellediler. Şunuň bilen birlikde, energetika ulgamynda, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem möhüm ugur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bilim, ylym, medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň özara düşünişmegi berkitmäge hyzmat edýändigi nygtaldy.
Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.