Raşid Meredow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda GDA-nyň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem döwlet we ýokary derejedäki öňde boljak çäreleriň taýýarlygy bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Taraplar GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2026-njy ýylyň 7 we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek mejlislerine taýýarlyk meselelerine aýratyn garadylar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki öňde boljak çäreleriň guramaçylyk meseleleri we olaryň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň mehanizmlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meselelere hem garaldy.

Taraplar GDA-nyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen konstruktiw gatnaşyklary we bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taraplaryň umumy gyzyklanmalary tassyklanyldy.


Yza

Şeýle hem okaň