Türkmenistan bilen Moldowanyň gatnaşyklarynyň täze ugurlary boýunça pikir alşyldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Moldowa Respublikasynyň Parlamentiniň agzasy, Türkmenistan bilen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Petru Burdužanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-moldowa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler.

Söhbetdeşler döwletleriň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy berkitmekde parlament diplomatiýasynyň ähmiýetine ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Moldowanyň kanunçykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.


Yza

Şeýle hem okaň