Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Parlamentiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti.
Milli Mejlisde Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, Zähmet, Maşgala hem-de Sanitariýa kodekslerine, şeýle-de “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Kazyýet hakynda” Kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek hem-de Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak boýunça degişli çäreler geçirilýär. Şeýle hem Mejlisde GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň we Türkmen-moldowan parlamentara dostluk toparynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow maglumaty diňläp, Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň hem-de täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.