Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny dowam etdirmegi tabşyrdy

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Wise-premýer Guwanç Agajanow nebitgaz toplumynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda nebitgaz pudagynda zähmet çekýän işgärler üçin has oňaýly we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmaga, ildeşlerimiziň zähmete bolan höwesini has-da artdyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin Mary şäherinde 720 hojalyga niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumyny gurmak maksady bilen, onuň ilkinji tapgyry hökmünde jemi 256 hojalyga niýetlenen 4 sany 4 gatly, her biri 40 öýli we 4 sany 4 gatly, her biri 24 öýli, Balkanabat şäherinde bolsa jemi 240 hojalyga niýetlenen 10 sany 4 gatly, her biri 24 öýli, Türkmenbaşy şäherinde bir sany 12 gatly, 72 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow pursatdan peýdalanyp, döredip berýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza toplumyň işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda zähmet çekýän işgärler üçin has oňaýly, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


Yza

Şeýle hem okaň