Duşenbe şäherinde 21-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy: türkmen-täjik dostlugynyň we çuňlaşdyrylan strategiki hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu möhüm çäre Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkezi bilen bilelikde guraldy. Bu barada ilçihananyň metbugat gullugy habar berdi.
Maslahata iki ýurduň döwlet edaralarynyň, ylmy we bilim merkezleriniň, diplomatik we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem bilermenler we hünärmenler gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň häzirki ýagdaýy, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de geljekki mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alşyldy.
Çykyşlarda türkmen-täjik halklarynyň arasynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň aýratyn ähmiýeti nygtaldy. Gatnaşyjylar iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylmy-bilim, medeni we ynsanperwer ugurlarda yzygiderli ösdürilýändigini bellediler.
Maslahatda döwletara dialogyň, ýokary derejeli saparlaryň we dürli derejedäki gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakdaky möhüm orny aýratyn bellenildi. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň täze ugurlary boýunça teklipler beýan edildi.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Täjigistandaky Ilçihanasy tarapyndan taýýarlanan tematiki sergi hem guraldy. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň eserleri, häzirki zaman Türkmenistanyň ösüşlerini, taryhy-medeni mirasyny beýan edýän neşirler görkezildi.
Maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahal-teke bedewlerine bagyşlanan fotosergi hem çekdi. Sergide ýerleşdirilen suratlar arkaly türkmen bedewleriniň gözelligi, syratlylygy we halkyň taryhy-medeni durmuşyndaky aýratyn orny giňden beýan edildi. Ahal-teke bedewleri türkmen halkynyň köp asyrlyk däp-dessurlarynyň we milli mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde görkezildi.