Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar

22-nji sentýabrda Türkmenistnyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Özbegistanyň Prezidenti hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, türkmen halkynyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly goňşy ýurduň Baştutany pursatdan peýdalanyp, iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we yzygiderli ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimihamedowa özüniň mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi.

Türkmenistnyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň doganlyk Özbegistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýändigini hem-de ýakyn goňşy we ygtybarly hyzmatdaş ýurt hökmünde hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki wagtda hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara goldaw bermäge esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň işjeň we yzygiderli ösýändigini we bu gatnaşyklaryň özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň ýokary derejesini görkezýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistan diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara guramalaryň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Abraýly guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagy munuň aýdyň beýanydyr.


Yza

Şeýle hem okaň