Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli gutlag Hatyny iberdi. Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyza janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, Garaşsyzlygymyzyň röwşen ýolunda eziz Diýarymyzy abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe alyp gitmäge gönükdirilen tagallalarynyň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Hatda 1991-nji ýylyň altyn güýzünde Garaşsyzlygymyzyň jar edilmegi bilen, ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak hakyndaky ençeme asyrlyk arzuwlary hasyl bolandygy bellenilýär. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň: «Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,//Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn!» diýen ajaýyp jümleleri bu günki gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli döwletlilik taglymatyny dabaralandyrýar. Täze taryhy döwürde Garaşsyzlyk bize döretmäge joşgun, gurmaga kuwwat, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär.

«Siz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň gazanýan ähli üstünliklerimiz, ýeňişlerimiz, berkararlygymyz hem-de bagtyýarlygymyz öz gözbaşyny milli buýsanjymyz bolan Garaşsyzlygymyzdan alyp gaýdýar» diýip, örän jaýdar belleýärsiňiz. Türkmenistanyň täze taryhyna ýazylýan şöhratly we ýeňişli sahypalar beýik üstünlikleriň güwäsi bolup, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak boýunça maksatlarymyza ýetmegiň binýadyny emele getirýär. Siziň baştutanlygyňyzda üstünliklere beslenen gadymy türkmen topragy gözümiziň alnynda okgunly özgerýär. Bu gün watandaşlarymyz gözel Diýarymyzyň çar künjegini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň şaýady bolmak bilen, olara gönüden-göni gatnaşýarlar» diýip, Hatda aýdylýar.

Gahryman Arkadagymyz dürli pudaklarda, ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmakda we innowasion esasda ösdürmekde, ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda ýetilen belent sepgitleriň, baş baýramyň şanyna ýaýbaňlandyrylan binagärlik-gurluşyk açylyşlarynyň, toý-dabaralaryň joşguny alyslara ýaň salýandygyny nygtady.

Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň halkymyzyň mizemez jebisligini, döwletlilik ýolumyzyň dowamatyny ýene bir ýola görkezendigi Ýüzlenmede aýratyn bellenilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadagly Gahryman Serdarymyza döwlet Garaşsyzlygymyzyň binýadyny pugtalandyrmak, türkmen halkynyň röwşen geljege ynamyny berkitmek, Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak ugrundaky asylly maksatlarynyň üstünlikli amala aşmagyny arzuw etdi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň