Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň adyna ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli daşary ýurt döwlet Baştutanlaryndan gutlag hatlary gelip gowuşdy. Olarda türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edilip, Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berilýär hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýarlyk tassyklanýar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Gutlag hatlaryny Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saud, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon iberdiler.
Hatlarda Türkmenistanyň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanýandygy, oňyn Bitaraplyk syýasatynyň sebit we dünýä durnuklylygyna goşýan goşandy aýratyn nygtalýar. Şeýle hem döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw edýärler.