Türkmenistanyň Mejlisinde 3-nji oktýabrda ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda alnyp barylan işleriň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahatda döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de geljekdäki ädimler kesgitlenildi. Bu barada kanunçykaryjy edaranyň metbugat gullugy habar berdi.
Hasabat döwründe milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça uly işleriň geçirilendigi bellenildi. Degişli döwürde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» hem-de «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Taze Kanunlary kabul edildi. Muňa goşmaça hökmünde, raýatlaryň hukuklaryny koramak, senagat howpsuzlygy, buhgalterçilik hasaba alnyşy, ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary, daşky gurşawy goramak we migrasiýa syýasaty bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Maslahatda parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylan işlere hem ýokary baha berildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň we ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar, okuw maslahatlary hem-de daşary ýurt saparlary kanunçykaryjylyk ulgamynda özara tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Şeýle hem, oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara derejedäki çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada durlup geçildi.
Maslahatyň soňunda deputatlar Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde öňde goýan maksatnamalaýyn wezipelerini halk köpçüligine düşündirmek, şeýle hem milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.