Türkmenistan we Ermenistan ykdysady hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar

8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Hökümetiniň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Ermenistan Respublikasynyň bu möhüm çärä gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Nikol Paşinýanyň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge berýän şahsy ünsüne ýokary baha berilýändigini, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine bolsa hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek we täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilik hökmünde garalýandygyny aýdyp, Ermenistanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza şu sаparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Dostlukly ýurduň Premýer-ministri ýurdumyzda bildirilen myhmansöýerlik hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallygyny beýan edip, şeýle giň gerimli forumyň türkmen topragynda geçirilmeginiň Türkmenistanyň sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygynyň güwäsidigini aýtdy. Şeýle-de belent mertebeli myhman Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi we pursatdan peýdalanyp, öz adyndan Milli Liderimize salamyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň köp ýyllaryň dowamynda halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde üstünlikli we netijeli özara gatnaşygyň nusgasyny görkezip gelýändiklerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň birek-biregiň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny özara goldamagy muny aýdyňlygy bilen subut edýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, özara ynanyşmagyň, hormat goýmagyň, açyklygyň we milli bähbitleri göz öňünde tutmagyň köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berk binýady bolup durýandygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, özara hyzmatdaşlygyň ösüş depgini ýokary derejedäki işjeň syýasy dialog bilen berk baglanyşyklydyr. Möhüm taslamalary durmuşa geçirmegiň netijeli guraly bolup çykyş edýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni topary özara dialogy pugtalandyrmakda aýratyn orun eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, ýurdumyzyň täze, geljegi uly başlangyçlary amala aşyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Medeni-ynsanperwer ulgam hem hyzmatdaşlygy ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedir. Ýurdumyz bu gatnaşyklary Medeniýet günlerini, mowzuklaýyn sergileri we bilelikdäki ylmy forumlary geçirmek arkaly pugtalandyrmagy maksat edinýär. Bu bolsa iki halkyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam berer.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň energetika we logistika ulgamlarynda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge, ynsanperwer dialogyň yzygiderli çuňlaşdyrylmagyna ýardam etmäge taýýardygyny aýdyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň olaryň halklarynyň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň has-da ilerlediljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň