Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Awazada strategiýa hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

8-nji oktýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Diplomatik duşuşygyň dowamynda çuňňur taryhy-medeni köklere hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogyň okgunly ösýän häsiýeti nygtaldy. Mejlise gatnaşyjylar sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ilerletmek üçin geçirilýän şeýle duşuşyklaryň uly ähmiýetini bellediler.

Gepleşikler özara düşünişmek ýagdaýynda we netijeli häsiýetde geçdi. Diplomatlar sebitara, ulag-logistika we energetika ugurlaryny birleşdirýän möhüm köpri hökmünde Hazar deňzi sebitiniň strategik ähmiýetini bellediler. Häzirki döwrüň esasy meselelerini çözmäge yzygiderli utgaşdyrylan çemeleşmäni ulanmagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.

Çykyş edenler halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleriniň giň gerimi boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny kanagatlanma bilen bellediler. Mejlisiň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, ýurtlaryň bar bolan serişde we senagat kuwwatyny netijeli durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar ählumumy durnuklylygyň we abadançylygyň bähbidine ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Halkara integrasiýasy bilen baglylykda, ulag-logistika we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ornuna üns çekildi. Diplomatlar ykdysady ösüş üçin täze mümkinçilikleri açýan durnukly we ygtybarly ulag geçelgelerini döretmegiň zerurdygyny nygtadylar. Sebitiň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýän döwrebap infrastruktura çözgütlerini döretmäge gönükdirilen umumy çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga itergi berýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, däp bolşy ýaly, şeýle duşuşyklaryň möhüm bölegi bolup çykyş edýär. Daşary işler ministrleri ylym, bilim, medeniýet, sungat we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň baý medeni mirasyny giňden ýaýmaga ýardam berýän bilelikdäki çäreleri geçirmegiň zerurdygyny bellediler.

Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň halkara giňişlikde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşýan netijeli goşandyna ýokary baha berdiler. Daşary ýurtly wekiliýetleriň agzalary bildirilen myhmansöýerlik, duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi we netijeli işlemäge döredilen şertler üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň şeýle formatynyň öz ýokary netijeliligini subut edendigini nygtadylar. Yzygiderli gatnaşyklar özara gyzyklanma bildirilýän esasy ugurlar boýunça tagallalary utgaşdyrmaga ýardam berýär.

Pikir alyşmalaryň dowamynda taraplar iri halkara guramalaryň we abraýly düzümleriň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meselelerine hem üns çekdiler. Taraplar ählumumy meýdançalardaky halkara başlangyçlary we teklipleri mundan beýläk-de özara goldamaga taýýardyklaryny tassyklap, ylalaşykly hereketleriň sebitiň ýurtlarynyň dünýä giňişligindäki ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýändigini bellediler.

Awazada geçirilen ministrler duşuşygynyň netijeleri ýurtlaryň hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga berk ygrarlydygyny görkezdi. Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçirilen dialog özara ynanyşmagyň ýokary derejesiniň nobatdaky subutnamasy boldy.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň