Türkmenistanyň Prezidenti sebit ösüşi boýunça möhüm başlangyçlary beýan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygynda çykyş edip, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga gönükdirilen strategik başlangyçlary öňe sürdi. Döwlet Baştutany Azerbaýjanyň bu formata ilkinji gezek resmi gatnaşmagynyň taryhy ähmiýetini belläp, onuň sebitde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara ynanyşmak gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrjakdygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Çykyşda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, ulag-logistika hem-de energetika geçelgelerini ösdürmek, tehnologik ösüşi çaltlandyrmak we emeli aňy ornaşdyrmak ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezildi. Şeýle hem döwlet Baştutany altytaraplaýyn daşary syýasat geňeşmeleriniň mehanizmini döretmegi, halkara meselelerde utgaşykly hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Günorta Kawkaz — Ýewropa ulag geçelgesiniň strategik ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň Hazar deňzindäki infrastrukturasyny umumy bähbitler üçin ulanmaga taýýardygyny beýan etdi. Şeýle hem energetika, senagat, oba hojalygy, sanly tehnologiýalar we «Akylly şäherler diplomatiýasy» başlangyjynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini belläp, ykdysady hyzmatdaşlygyň täze mehanizmlerini döretmäge çagyrdy. Çykyşyň ahyrynda ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we halklaryň taryhy-medeni baglanyşyklaryny berkitmegiň sebit durnuklylygynyň möhüm şerti bolup galýandygy nygtaldy.


Yza

Şeýle hem okaň