Balkan welaýatynyň Zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň
zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda Balkanabat şäheriniň 184-nji
ýaşaýyş jaýlar toplumynyň 1-nji jaýynda ýerleşýän Balkanabat şäheriniň zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat 10:00-dan – 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Balkanabat şäheriniň 184-nji
ýaşaýyş jaýlar toplumynyň 1-nji jaýy, Balkanabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölüminiň edara binasy.
Habarlaşmak üçin:
(800222) 2-84-98;
(800222) 2-88-36;
(800222) 2-84-45.