Türkmenistanyň ykdysadyýetinde karz goldawynyň möçberi artýar

Türkmenistanyň karz edaralarynyň kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň galyndylarynyň umumy möçberi 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabry ýagdaýyna 104 milliard 436,6 million manada ýetdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň degişli döwründe 92 milliard 736,2 million manat bolupdy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň «Bank habarlary» atly elektron žurnalynda habar berilýär.

Hasabat döwründe döwlet eýeçiligindäki kärhanalara we guramalara berlen karzlaryň galyndysy 46 milliard 729,34 million manada deň boldy. 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryň ýagdaýy boýunça bu görkeziji 45 milliard 871 million manada barabar bolupdy.

Şeýle hem döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara berlen milli puldaky karzlaryň galyndysy 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryň ýagdaýyna görä 20 milliard 850 million manada ýetdi. Öňki ýylyň degişli döwründe bu möçber 17 milliard 694,9 million manat bolupdy.

Raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere berlen karzlaryň galyndysy hem ösüşi görkezdi. 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabry ýagdaýyna bu görkeziji 36 milliard 856,48 million manada deň bolup, 2025-nji ýylyň degişli senesindäki 29 milliard 214 million manat bilen deňeşdirilende artdy.

Soňky ýyllarda karzlaşdyrma ulgamynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň ykdysady işjeňligini goldamakda, önümçilik kuwwatlaryny giňeltmekde, telekeçiligi höweslendirmekde we ilatyň maliýe mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.


Yza

Şeýle hem okaň