Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda wodorod energetikasy boýunça hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň Ýaponiýa amala aşyran iş sapary ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, wodorod energetikasy boýunça özara gatnaşyklary giňeltmek hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmek babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. 2026-njy ýylyň 14 — 16-njy oktýabry aralygynda geçirilen saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň öňdebaryjy bilim we ylmy-barlag edaralarynda duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Saparyň çäklerinde Sukuba Uniwersitetiniň Prezidenti Keýsuke Nagata bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ýokary bilim ulgamynda tejribe alyşmak, bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmek, hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem tebigy gazdan wodorod öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Tsukuba Uniwersitetiniň arasynda 2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde ösdürilýär. Bu resminama iki ýurduň bilim we ylmy edaralarynyň arasynda täzeçil ugurlar boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm esas bolup hyzmat edýär.

Türkmen wekiliýeti 15-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň (METI) Tebigy serişdeler we energetika agentliginiň hem-de Täze energiýa we senagat tehnologiýalaryny ösdürmek guramasynyň (NEDO) wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklaryň dowamynda energiýanyň täze ugurlaryny ösdürmek, ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy giňeltmek we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek meselelerine garaldy.

Şeýle hem wekiliýet «Chiyoda Corporation» kompaniýasynyň Kiyasu Research Park ylmy-barlag merkezine baryp, onuň alyp barýan işleri bilen tanyşdy. Mundan başga-da, Tsukuba Uniwersitetiniň Wodorod baglanyşyklaryny öwreniş merkeziniň (HBRC) hem-de TIAR ylmy-barlag institutynyň iş ugurlary öwrenildi.

Saparyň dowamynda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üç mugallymy Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) goldawy bilen durmuşa geçirilýän «SDGs Global Leader» maksatnamasynyň çäklerinde Tsukuba Uniwersitetinde hünärlerini ýokarlandyrýar.

Ýaponiýa amala aşyrylan bu sapar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň nobatdaky möhüm tapgyry boldy. Geçirilen duşuşyklar bilelikdäki ylmy barlaglary giňeltmek, wodorod energetikasy boýunça täze çözgütleri işläp taýýarlamak hem-de geljekki hünärmenleri taýýarlamak üçin täze mümkinçilikleri açdy.


Yza

Şeýle hem okaň