Wenada Türkmenistanyň döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

21-nji oktýabrda Wenanyň şäher häkimliginiň binasynda (Rathaus) geçirilen dabaraly çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçisi Hemra Amannazarow Wladimir Gorýaýewe Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik kümüş nyşanyny gowşurdy.

Wladimir Gorýaýew basylyp alnan Palestinanyň çäginde diwar gurluşygy zerarly ýetirilen zyýan boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Hasaba alyş sanawynyň Dolandyryjylar geňeşiniň agzasydyr.

Dabara Awstriýanyň hökümetiniň wekilleri, şol sanda Awstriýa Parlamentiniň Federal Geňeşiniň Başlygy, Wenada ýerleşýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary, diplomatik korpusyň, işewür toparlaryň we Awstriýadaky türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Sylaglaryň gowşurylmagy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini hem-de onuň halklaryň arasynda parahatçylygy, ynamy we özara düşünişmegi ilerletmekdäki ornuny şöhlelendirýän möhüm waka boldy.

Wenada geçirilen dabara Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, parahatçylyk, bitaraplyk we özara hormat goýmak gymmatlyklaryny ilerletmäge ygrarlydygynyň aýdyň beýany boldy.

 

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

 


Yza

Şeýle hem okaň