Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

21-nji oktýabrda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sekretariatynda Guramanyň Hemişelik wekilleriniň geňeşiniň 311-nji mejlisi geçirildi. YHG-nyň Sekretariaty 2027-nji ýylda YHG-na agza döwletleriň ulag ministrleriniň nobatdaky duşuşygyny geçirmek baradaky razylygy üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Guramanyň işine işjeň gatnaşýandygy üçin türkmen tarapyna aýratyn minnetdarlyk bildirdi.

Mejlisiň dowamynda birnäçe möhüm meseleler, şol sanda YHG-na agza döwletleriň içeri işler ministrleriniň 29–30-njy oktýabrda Yslamabat şäherinde geçiriljek 5-nji duşuşygyna, 15–16-njy noýabrda Yslamabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän YHG-nyň Ministrler geňeşiniň 30-njy mejlisine hem-de dekabrda Tähran şäherinde geçiriljek YHG-nyň 18-nji sammitine görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem «Ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik maksatlary 2035» we «Yslamabat jemleýji komýunikesi» atly resminamalaryň taslamalary boýunça işleriň tamamlanmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, özara gyzyklanma bildirilýän beýleki meseleler hem gözden geçirildi.



Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi


Yza

Şeýle hem okaň