Türkmenistan zähmet ulgamynda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär

23-nji oktýabrda Türkmenistanda Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow şu ýylyň noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Halkara zähmet standartlaryny we durnukly ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny” atly halkara ylmy-amaly maslahata hem-de Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu halkara çärelere degişli halkara guramalardan we birnäçe döwletden wekilleriň, şol sanda hyzmatdaş ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň, BMG-niň Türkmenistandaky edaralarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu halkara çäreleriň geçirilmegi ýurdumyzyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekde, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň alyp barýan işleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlary tanyşdyrmakda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahata hem-de sebitara foruma gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň