Türkmenistanda oba hojalygyny ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça çäreler görülýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak işleri dowam edýär. Bugdaý ekişi möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny öndürijilikli işletmek hem-de ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak we gögeriş alnan meýdanlarda ideg etmek işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri giňden belläp geçmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Däp bolşy ýaly, her ýyl bu sene mynasybetli dürli medeni çäreler guralýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy dowam etmegiň, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde geçirmegiň, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça guramaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň