Türkmenistanyň Daşary işler ministri Antalýada halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi

12-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (COP31) gatnaşmagynyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ISESCO) Baş direktory Salim Muhammed Al-Malik bilen bilim, ylym, medeniýet, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda ISESCO-da synçy döwlet derejesine eýe bolmagyny nazara alyp, amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem howanyň üýtgemegi ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy, ylmy barlaglary ösdürmek, häzirki zaman ekologik tehnologiýalary ornaşdyrmak we hünärmenleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak meseleleri boýunça pikir alşyldy.

BMG-niň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Roland Mollerus bilen geçirilen duşuşykda 2025-nji ýylyň 5–8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň üçünji maslahatynyň (LLDC3) jemleýji resminamalarynyň amaly taýdan durmuşa geçirilmegine esasy üns berildi. «Awaza» syýasy Jarnamasynyň we 2024–2034-nji ýyllar üçin Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça «Awaza» Hereketleriň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy bu resminamalaryň düzgünlerini, şol sanda durnukly ulag arabaglanyşygyny ösdürmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, howanyň üýtgemegine durnuklylygy pugtalandyrmak we maliýe serişdelerini çekmek ugurlarynda yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtady.

Duşuşykda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň howanyň üýtgemeginiň netijelerine durnuklylygyny ýokarlandyrmak, olaryň häzirki zaman tehnologiýalaryna we halkara howa maliýeleşdiriş mehanizmlerine elýeterliligini giňeltmek meselelerine hem aýratyn seredildi. Türkmen tarapy sebit başlangyçlarynyň, şol sanda Merkezi Aziýa üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyň ähmiýetini belledi. Taraplar «Awaza» Hereketleriň maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmekde BMG-niň Ýokary wekiliniň edarasynyň utgaşdyryjylyk ornunyň möhümdigini bellediler.

Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň (GGGI) ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary, «Ýaşyl ösüş» maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Malle Fofana bilen durnukly ösüş, ýaşyl ykdysadyýete geçmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýaşyl maýa goýumlaryny çekmäge, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge aýratyn üns berildi. Türkmen tarapy söhbetdeşini ýurtda daşky gurşawy goramak ulgamynda durmuşa geçirilýän çäreler we halkara başlangyçlar, hususan-da, Merkezi Aziýa üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyç bilen tanyşdyrdy.

Üç duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.



Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi


Yza

Şeýle hem okaň