Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda Ýewropa medeniýetiniň günlerini geçirmek baradaky teklibi makullady

13-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa şu ýylyň 19-20-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Ýewropanyň Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Medeniýet günleriniň çäklerinde paýtagtymyzda dürli medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi medeni diplomatiýa arkaly dünýä ýurtlary, hususan-da, Ýewropa döwletleri bilen medeni gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam eder. Myhmanlaryň paýtagtymyzdaky muzeýlere, Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine, şol sanda häzirki wagtda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda dowam edýän «Ene tebigat» atly sungat sergisine baryp görmekleri meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Wise-premýer ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynyň ösdürilmegi, Bitarap Watanymyzyň dostlukly döwletler bilen medeni gatnaşyklarynyň has-da berkidilmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri hem-de döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini aýtdy we Aşgabat şäherinde Ýewropanyň Medeniýet günlerini geçirmek boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi


Yza

Şeýle hem okaň