Türkmenistanda 2027-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça işlere badalga berildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 13-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurduň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hem-de täze ýyly döwrebap atlandyrmak meselelerine seredildi. Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli parlamentiň häzirki wagtda alyp barýan kanun çykaryjylyk işi we halkara hyzmatdaşlygy barada maglumat berdi.

Parlamentiň iş toparlarynda «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda» hem-de «Elektron söwda hakynda» täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, Gümrük, Arbitraž iş ýörediş we Sanitariýa kodekslerine, şeýle hem «Neşirýat işi hakynda» Kanuna we beýleki birnäçe hereket edýän hukuk namalaryna döwrüň talaplaryna laýyk gelýän üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Mejlisiň halkara işiniň çäklerinde ýakynda Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Şeýle hem, Awstriýanyň Parlamentiniň Federal Geňeşiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda parlament diplomatiýasyny işjeňleşdirmek we kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak boýunça ikitaraplaýyn mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenitanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli kanunçylygy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany ýurtda her ýyly mynasyp atlandyrmak boýunça asylly däbiň dowam etdirilýändigini aýdyp, deputatlara halk bilen maslahatlaşmak arkaly täze — 2027-nji ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygyna ünsi çekdi.


Yza

Şeýle hem okaň